Türkmenistan bilen Gazagystan ulag aragatnaşygy barada Ähtnama gol çekdi

  • 27.11.2023 19:27
  • 7.7k+

26-27-nji noýabrda Aşgabatda ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdy diýip, Orient habar berýär.

Mejlisde türkmen tarapdan Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Batyr Annaýew, gazak tarapdan ulag ministriniň orunbasary Talgat Lastaýew ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda awtomobil, demirýol we deňiz ulaglary babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, logistika guramalaryna goldaw bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda taraplar öz niýetlerini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrligi tarapyndan gol çekilen ulag aragatnaşygy baradaky Ähtnamada berkitdiler.
Resminama Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäkleri bilen gatnaw möçberini çekmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge we höweslendirmäge gönükdirilendir. Şeýle-de, ulag pudagyndaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň ygtyýarly wekillerinden hemişelik iş toparyny döretmek kararyna gelindi.
Duşuşyk ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-gazak iş toparynyň ilkinji mejlisiniň beýanyna gol çekilmegi bilen tamamlandy.
Dialogy dowam etdirmek üçin mejlise gatnaşyjylar 2024-nji ýylda halkara awtomobil gatnawlary meseleleri boýunça türkmen-gazak komissiýasynyň nobatdaky mejlisini geçirmek barada ylalaşdylar. Bu bilelikdäki komissiýanyň geçenki mejlisi 2023-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilipdi.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....