Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 27.11.2023 14:58
  • 12k+

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Muttaki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy we ykdysady meselelere hem-de iki ýurduň arasyndaky möhüm taslamalara aýratyn üns berildi diýip, Owganystanyň DIM-ine salgylanyp, Orient habar berýär.
Türkmenistan Owganystanda syýasy we sosial-ykdysady ýagdaýlary durnuklaşdyrmak boýunça halkara tagallalaryň çäginde işjeň iş alyp barýar, goňşy ýurda yzygiderli ynsanperwer kömegini iberýär, ol ýerde sosial desgalary gurýar, ilata lukmançylyk kömegini berýär, TOPH gaz geçirijisini, TOP elektrik geçiriji liniýasyny gurmak, demirýollary abatlamak, täze ýollary gurmak ýaly taslamalary durmuşa geçirmek arkaly ýurduň ykdysady taýdan dikelmegine ýardam edýär.
2017-nji ýylda, Aşgabatda gol çekilen degişli şertnama laýyklykda, Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ulag geçelgesi döredildi. Häzirki wagtda bu ulag magistralyny doly güýjünde işe girizmek üçin ähli tagallalar edilýär.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......