2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti kabul edildi. Onda nämeler göz öňünde tutuldy?

  • 27.11.2023 08:15
  • 24k+

25-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Kanun 27-nji noýabrda metbugatda dolulygyna çap edildi.

Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti girdejiler we çykdajylar boýunça 102 313,5 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesi girdejiler we çykdajylar boýunça 32 865,0 mln. manat möçberinde tassyklanyldy.
Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 91 544,7 mln. manat möçberinde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 22 096,2 mln. manat möçberinde tassyklamak bellenildi.
Ýerli býujetleri 13 755,0 mln. manat möçberinde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

  • Aşgabat şäheri - 2 443,1 mln. manat
  • Arkadag şäheri - 236,7 mln. manat
  • Ahal welaýaty - 1 658,9  mln. manat
  • Balkan welaýaty - 1 538,7   mln. manat
  • Daşoguz welaýaty - 2 478,5 mln. manat
  • Lebap welaýaty - 2 781,1 mln. manat
  • Mary welaýaty - 2 618,0 mln. manat

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellenildi.
2024-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellenildi.
Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellenildi.


şu gün 12:54
1.7k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....