Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär

  • 25.11.2023 07:02
  • 9.9k+

Bütindünýä durnukly ulag güni mynasybetli şu gün Aşgabatda «Durnukly ulag: durnukly ösüşe goşant» atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Berkarar döwletimiz logistikany ösdürmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Ulag-aragatnaşyk strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistan sebit we yklym ähmiýetli wajyp ulag hem-de logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr.
Türkmenistan bu gün multimodal ulag-aragatnaşyk ulgamyny, şol sanda demir ýollar, awtoulag, deňiz ýollary, portlar ýaly infrastrukturalary ösdürmek we goldamak üçin döwlet bilen hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny jebisleşdirmegiň, bu ugra maýa goýumlary çekmegiň möhümdiginden ugur alyp, bäsdeşlige ukyply milli logistika kompaniýalarynyň emele gelmegine aýratyn üns berýär» diýlip, Gutlagda bellenilýär.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....