Şu gün Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty açylýar

  • 25.11.2023 06:57
  • 12k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Sizi myhmansöýer türkmen topragynda Halkara kuraş assosiasiýasy bilen özara hyzmatdaşlykda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýäniň sport taryhynda möhüm waka bolan bu çempionatyň halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrmaga, Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etmäge hem-de ornaşdyrmaga, kuraş boýunça türgenleriň ussatlyklaryny, tejribelerini artdyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýlip, Gutlagda aýdylýar.
«Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan gadymy türkmen topragynda ýaşan ata-babalarymyz beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemekde göreşe aýratyn ähmiýet beripdirler. Şeýlelikde, toý-baýramlarda göreş tutýan ussat pälwanlary ýetişdirmegiň özboluşly milli göreş mekdebi kemala getirilipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen milli göreşini çyn ýürekden söýen halkymyz ony asyrlarboýy kämilleşdirip, sungat derejesine ýetiripdir. Pälwanlary taýýarlamakdaky baý tejribesini Beýik Ýüpek ýoly boýunça dünýä ýaýradyp, göreşiň sport görnüşi hökmünde ösmegine uly goşant goşupdyr.
Biziň günlerimizde hem göreş sungaty milli gymmatlyk hökmünde yzygiderli kämilleşdirilýär we ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen milli göreşi bilen bir hatarda, göreşiň beýleki görnüşlerine, şol sanda kuraş görnüşine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy hereket edýär. Türgenlerimiz kuraş boýunça halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar» diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň tertibi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.


11.06.2026 08:03
3.1k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....