Türkmenistanyň Prezidenti uçuş barlaglarynyň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy

  • 25.11.2023 06:48
  • 30k+

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew uçarlarda ornaşdyrylan ugurdaş enjamlaryň uçuş barlaglaryny talabalaýyk geçirmek üçin ýerine ýetirilýän işler barada aýtdy. Bu barada ol 24-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

M.Çakyýew Türkmenistanyň Halkara howa menzilleriniň işiniň raýat awiasiýasy ulgamynda halkara standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Halkara howa menzillerinde uçuşlary talabalaýyk ýola goýmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, uçuş barlaglarynyň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 15:51
5.9k+

Wýetnam 16 milliard dollarlyk täze mega howa menzilini gurýar

Wýetnam dünýäde iň uly infrastruktura taslamalarynyň birini - 16 milliard dollarlyk Longthan mega howa menziliniň gurluşygyny durmuşa geçirmäge başlady....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......