S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti talyplary Ekologiýa boýunça halkara olimpiada çagyrýar

  • 25.11.2023 06:06
  • 13k+

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Ekologiýa boýunça halkara II açyk internet-olimpiada geçirer.

Oňa gatnaşmaga höwes bildirýän talyplar ugruna, hünärine we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan ýylyna garamazdan, olimpiada çagyrylýar.
Olimpiada şu ýylyň 5-nji dekabrynda şahsy bäsleşik görnüşinde geçiriler. Oňa gatnaşýanlara populýasiýa ekologiýasy we biosfera, adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri, senagat ekologiýasy, ekologik gözegçilik, ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalary ýaly ekologiýa ugurlaryndan meseleler teklip ediler. Oňa gatnaşýanlara meseleleri çözmek üçin 90 minut wagt berler. Olimpiada türkmen, rus we iňlis dillerinde geçiriler.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänler S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň resmi saýtynyň Olimpiada-2023 bölüminde «Gatnaşyjy» düwmesine basyp, bellige durmaly. Oňa gatnaşjaklar 3-nji dekabra çenli hasaba alnar. Şeýle hem olimpiada barada goşmaça maglumatlary uniwersitetiň saýtyndan tapyp bilersiňiz.
Olimpiada zehinli we ukyply talyplary ýüze çykarmaga, olary höweslendirmäge hem-de goldamaga, talyplaryň döredijilik başarnygyny, ylyma we ylmy barlaglara höwesini ýokarlandyrmaga, ýaşlaryň arasynda ekologiýa sowatlylygyny ösdürmäge, şeýle hem ylym we bilim pudagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......