Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň goragyna 15 müň harby gullukçy çekiler

  • 25.11.2023 05:58
  • 11k+

Fransiýanyň Ýaragly güýçleriniň 15 müň töweregi harby gullukçysy 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary wagtynda howpsuzlygy üpjün etmek işine gatnaşar. Bu barada paýtagtda howpsuzlyga jogapkär general Kristof Abada salgylanyp, Ouest-France gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär.

Generalyň aýtmagyna görä, “15 müň harby gullukçydan 10 müňüsi Pariziň Il-de-Frans sebitinde hereket eder”.
Abad “Oýunlaryň çäklerinde ýaryşlaryň geçirilýän wagty 5 müň harby gullukçynyň Parižiň 12 okrugynda çadyrlarda ýerleşdiriljekdigini” belleýär.
Öň transporta jogapkär ministr-delegat Kleman Bon Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde sport çäreleriniň geçirilýän wagty paýtagtda hereket etmegiň kyn boljakdygyny aýtdy.
Pariždäki Olimpiada 26-njy iýuldan 16-njy awgust aralygynda geçiriler. actu.fr portalynyň Parižiň syýahatçylyk ofisine salgylanyp habar berşi ýaly, paýtagtyň myhmanhanalarynda ýaşamagyň ortaça bahasy 300%-den gowrak, ýagny bir gije üçin 699 ýewro çenli ýokarlanar. Şäher tomusky ýaryşlaryň dowamynda 20 milliona golaý syýahatçyny kabul etmäge garaşýar.


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......