Ženewada Türkmenistanyň gatnaşmagynda ilkinji Bütindünýä durnukly ulag güni bellenilýär

  • 24.11.2023 23:34
  • 2.2k+

Şu gün ulag pudagynyň ýolbaşçylary, Birleşen Milletler Guramasy we raýat jemgyýeti resmi senesi 26-njy noýabr bolan Bütindünýä durnukly ulag gününi bellemek üçin Şweýsariýanyň Ženewa şäherine ýygnandylar. Bu barada Orient habar berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy 77-nji sessiýasynda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen BMG-niň Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky rezolýusiýany kabul etdi. Täze baýramçylyk mynasybetli Ženewanyň Milletler köşgünde ýörite çäre guraldy.
Forum “Ulag biziň gündelik durmuşymyza nähili goldaw berýär” tematiki sessiýasy bilen başlandy we täze baýramçylygy döretmek başlangyjyny öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistanyň adyndan esasy doklad hödürlendi.
Forumda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş müdiriniň orunbasary Batyr Annaýew çykyş edip, bu senäniň 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda ýokary derejede geçirilen BMG-niň Durnukly ulag boýunça ilkinji global konferensiýasy bilen baglanyşyklydygyny belledi.
Ol foruma gatnaşyjylary 2022 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Ulag diplomatiýasynyň ösüş maksatnamasy bilen gysgaça tanyşdyrdy. Bu maksatnama ýurduň ulag ulgamlarynyň potensialyny we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksatlaryny kesgitleýär.
Şeýle-de, Türkmenistanyň ulag boýunça 12 halkara konwensiýa gatnaşýandygy bellenildi. Hut türkmen tarapynyň başlangyjy bilen soňky 10 ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag we üstaşyr geçelgeleriniň ornuny, durnukly we ygtybarly halkara ýük gatnawlaryny üpjün etmek we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özara gatnaşygyň zerurdygyny görkezýän 4 rezolýusiýa kabul edildi.
Forumyň maksatnamasyna howply ýükleri, çalt zaýalanýan azyk önümlerini daşamak ýaly dürli meseleler boýunça hünärmenleriň we iş toparlarynyň komitetiniň mejlisi girdi. Aýry-aýry sessiýalar ulag howpsuzlygyna we ulagyň howanyň üýtgemegi meselesini çözmäge, söwda aragatnaşygyna nähili ýardam edýändigine bagyşlanýar.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....