Orta hünär okuw mekdebi syýahatçylykda «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlara çagyrýar

  • 23.11.2023 10:35
  • 15k+

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi syýahatçylyk pudagynda «Gid-terjimeçi» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlara çagyrýar.

Türkmenistanda ýokary netijeli we bäsdeşlige ukyply syýahatçylyk kärhanalaryny döretmek, syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň dürli künjeginden Türkmenistana gelip görmäge isleg bildirýän jahankeşdeleriň sany ýylyň-ýylyna artýar. Hut şonuň üçin hem, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi «Gid-terjimeçi (syýahatçylyk pudagynda)» hünäri boýunça gysga möhletleýin okuwlary açdy.
Okuwlaryň dowamlylygy — 3 aý.
Bu okuwlaryň barşynda ýaşlara:

  • syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek;
  • myhmanlary kabul etmek boýunça ýokary derejeli hyzmatlary hödürlemek;
  • kärhanalary ussatlyk bilen dolandyrmak boýunça bilimler öwrediler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99312 36-48-15;
+99365 96-66-13


10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

08.06.2026 09:43
4.5k+

“Çölüň sesi” ekspedisiýasy Türkmenistanyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çölleriniň üstünden geçer

Mongoliýada "Çölüň sesi" atly halkara ekspedisiýa başlandy. Oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden, şol sanda Türkmenistanyň içinden - umumy uzynlygy 17 müň kilometrlik ýoly geçerler diýip,......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....