Türkmenabat Halkara howa menzili bilen işleşýän daşary ýurt awiakompaniýalarynyň sany artýar

  • 22.11.2023 16:24
  • 30k+

Geografik hem strategik taýdan amatly ýerde ýerleşen, şeýle hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertler bilen üpjün edilen Türkmenabat Halkara howa menzili daşary ýurt awiakompaniýalarynyň gyzyklanmasyny barha artdyrýar.

2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Gruziýanyň «GeoSky LLC» awiakompaniýasynyň howa gämileri Türkmenabat Halkara howa menziline tehniki gonuşlary ýerine ýetirmek boýunça ikitaraplaýyn şertnama baglaşyldy. Netijede «GeoSky LLC» awiakompaniýasy Çžençžou (Hytaý) — Türkmenabat (Türkmenistan) — Pariž (Fransiýa) we Çžençžou (Hytaý) — Türkmenabat (Türkmenistan) — Saragosa (Ispaniýa)  ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny dowamly amala aşyryp başlady diýip, howa menziliniň administrasiýasynda TmCars-a habar berdiler.
Belläp geçsek, howa menziline bu awiakompaniýasynyň ilkinji barlap-synag gonuşy 2023-nji ýylyň iýul aýynda amala aşyrylypdy. Iki tarapyň arasynda geçirilen onlaýn duşuşykda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenabat Halkara howa menziliniň bu üstünligi ýurdumyzyň ulag-logistika pudagynyň ösýändigini ýene bir ýola subut edýär.
Şeýle hem, Türkmenabat Halkara howa menziline Türkiýäniň «MNG Airlines» awiakompaniýasy tarapyndan hem dowamly tehniki gonuşlar ýerine ýetirilýär. Howa menziliniň hünärmenleri ýene-de birnäçe awiakompaniýalar bilen gepleşikleri alyp barýarlar.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....