Türkmenistanyň wekiliýeti sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Hytaýda geçirilýän halkara çärä gatnaşýar

  • 22.11.2023 11:40
  • 2.6k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22–25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça Aziýa ösüş banky tarapyndan guralan bu çäräniň maksady bilim we tejribe alyşmak, torlary döretmek we innowasiýa çözgütleri taýýarlamak hem-de sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça mehanizmleri gözlemek üçin meýdançany üpjün etmekden ybarat. Üç günüň dowamynda sammite gatnaşyjylar sanly ykdysadyýetiň öňdebaryjylary, syýasatçylar we telekeçiler bilen duşuşmaga mümkinçilik alarlar.
Gün tertibine pudak ýolbaşçylarynyň esasy çykyşlaryndan başlap, dürli pikirleri beýan etmek üçin ähli çekişmeler girýär. Bölümlerdäki maslahatlar içgin gepleşiklere we ýöriteleşdirilen temalary has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berer.
Innowasiýa sammitine we sanly ykdysadyýet syýahatyna guramaçylar tarapyndan sanly geljege tarap ädim hökmünde garalýar. Bu çäre 23-nji noýabrdan 27-nji noýabr aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek ikinji sanly dünýä söwda sergisiniň 2023-nji ýyldaky goşmaça çäresi hökmünde guraldy. 100 müň inedördül metrlik sergi meýdançasynda 800 kärhana görkeziler.
EKSPO-nyň çäginde ýüzden gowrak çäre geçiriler we sanly söwda pudagynda ýüzden gowrak täze önümleriň we hyzmatlaryň tanyşdyrylyş dabarasy bolar. 68 sany halkara guramasy we işewür birleşigi sergä gatnaşýandyklaryny tassykladylar.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......