Türkmenistanyň ilçisi Koreýa Respublikasynda tegelek stoluň mejlisine gatnaşdy

  • 21.11.2023 23:00
  • 4.8k+
20-nji noýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň analitiki merkezleriniň forumyny döretmäge bagyşlanan tegelek stoluň mejlisine gatnaşdy.

Bu çäre Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň ýurtlarynyň arasyndaky Hyzmatdaşlyk Forumynyň Sekretariaty tarapyndan gurnaldy we oňa Koreýa Respublikasynda akkreditirlenen Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ylmy wekilleri we bilermenler toparlary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berdi.
Çärä gatnaşyjylaryň çykyşlarynyň dowamynda gepleşikler üçin dialogyň döredilmegi we onuň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň analitiki merkezleriniň hem-de bilermenleriň hyzmatdaşlygy häzirkizaman meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin geljegi uly bolan täze ugurlary tapmakda möhüm ädim boljakdygyny bellendi. 
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar 2023-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” atly 16-njy hyzmatdaşlyk Forumynyň netijelerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda Forumyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň “MA-KR” formatynda dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrmagyna möhüm goşant goşandygy nygtaldy.
Tegelek stoluň mejlisiniň netijesinde Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň analitiki merkezleriň forumynyň işiniň başlandygy barada Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Şeýle hem ilkinji forumyň indiki ýyl Koreýa Respublikasynda geçiriljekdigi mälim edildi.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......