Türkmenistanda «Tatarystan Respublikasy" gazetiniň baş redaktory akkreditasiýa edildi

  • 21.11.2023 09:58
  • 4.1k+

«Tatarystan Respublikasy» gazetiniň baş redaktory A.Ugarow Türkmenistanda daşary ýurt habarçysy hökmünde akkreditasiýa edildi. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy habar berdi.

Akkreditasiýa şahadatnamasyny 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Alekseý Ugarowa gowşurdy.
Soňra taraplar Türkmenistanyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryny Tatarystanyň metbugatynda, şol sanda “Tatarystan Respublikasy” gazeti bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şeýle hem iki ýurtdan habarçylarynyň arasynda tejribe alyşmagy guramak, žurnalistika bölümleriniň talyplary üçin onlaýn leksiýalary guramak, şeýle hem “Tatarystan Respublikasy” gazetiniň we Türkmenistan gazetiniň arasynda şertnama baglaşmak barada pikir alyşdylar.


düýn 16:30
550

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......