Azerbaýjanda Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi

  • 20.11.2023 15:31
  • 5.2k+
17-nji noýabrda Azerbaýjanyň milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň mejlisler zalynda Gündogaryň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary, Azerbaýjanyň milli Ylymlar Akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň we Muhammet Fizuly adyndaky Golýazmalar institutynyň ýolbaşçylary hem alymlary gatnaşdylar. Duşuşykda Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibeýli, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçisi G.Elýasow, türkmen we azerbaýjan alymlary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň eserleriniň umumadamzat derejesindäki  ähmiýeti barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň Magtymguly Pyragy barada surata düşürilen “Hakyň guly - Magtymguly” atly çeper filmi görkezildi.
Halkara ylmy maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.9k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......