Türkmen oba hojalyk instituty Inžener we kompýuter grafikasy boýunça Halkara internet olimpiadasyna çagyrýar

  • 20.11.2023 08:01
  • 10k+

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmen oba hojalyk institutynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara internet bäsleşigi geçiriler. Ýokary okuw mekdebi isleg bildirýän talyplaryň ählisini oňa gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara internet bäsleşigi şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilýär.
Halkara internet bäsleşiginiň resmi iş dilleri – türkmen, iňlis we rus dilleri.
Bäsleşige inženerçilik ugurly hünärde we islendik ýylda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparlar gatnaşyp bilerler.
Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.
Bäsleşigiň geçirilişi:

  • bäsleşige gatnaşyjylar grafiki programmalarynda gurnaýyş çyzgysy esasynda önümiň her bir detalynyň we önümiň özüniň 3 ölçegli modelini, şeýle hem detallardan biriniň iş çyzgysyny taýýarlamaly;
  • bäsleşige gatnaşyjylaryň her birinde şahsy kompýuteri bolmalydyr;
  • sanly grafiki programmasynyň görnüşini gatnaşyjy islegine görä saýlap biler (Autocad, Kompas-3D, Autodesk Inventor, Solidworks we beýl.);
  • bäsleşikde ýumuşlary ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 240 minut.

Bäsleşigiň ýeňijileri ýumuşyň ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
Bäsleşigiň ýeňijileri we olaryň ýerine ýetiren işleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdiriler.
Halkara internet bäsleşigine gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny 1-nji goşundyda görkezilen nusga laýyklykda 2023-nji ýylyň 25-nji noýabryna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.
Bäsleşige hasapdan geçmek üçin şu salga ýüzlenip bilersiňiz!

Habarlaşmak üçin:
Tel.: +993 322 9-33-92,
+993 65 93 16 38,
+993 65 94 17 40

e-mail: tohi_tm@sanly.tm


düýn 23:01
531

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
3.9k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
3k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.2k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......