Ýalňyzlyk = 1 günde 15 çilim. BSGG ýekeligiň çilim barabarlygyny kesgitledi

  • 20.11.2023 13:50
  • 20k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýalňyzlygy dünýädäki adamlar üçin saglyga howp hökmünde kesgitledi. BSGG-niň Sosial gatnaşyklar boýunça iş toparynyň egindeş başlygy Çido Mpembanyň sözlerine görä, ýalňyzlygyň çägi ýok we ol saglygyň, abadançylygyň we ösüşiň ähli taraplaryna täsir edýär. Şol bir wagtyň özünde, BSGG ýalňyzlygy çilim bilen deňeşdirdi. Hatda onuň zyýany çilimiň zyýany bilen bahalandyryldy.

Görlüp oturylsa, ýalňyzlyk her gün 15 çilim çeken deý zyýanly eken. Mundan başga-da, ondan saglyga abanýan howp fiziki işjeňligiň we semizligiň ýetirýän zyýanyndanam has uly eken.
ABŞ-ly baş sanitar lukman Wiwek Murtiniň bellemegine görä, ýalňyzlyk ösen ýurtlaryň «wawwaly» meselesi hasaplanýar. Ýöne häzir islendik sebitde gartaşan her dördünji adam jemgyýetden üzňelikde ýaşaýar.
Jemgyýetçilik baglanyşyklarynyň adamlaryň saglygyna edýän täsirini öwrenmek üçin BSGG geljek üç ýyl üçin ýörite iş toparyny döretdi. Çido Kleopatra Mpemba we Wiwek Murti onuň egindeş başlyklary boldular. Iş toparyň düzümine jemi 11 syýasatçy we jemgyýetçilik işgäri girdi diýip, The Guardian belleýär.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......