Türkiýede TOGG-dan soň ikinji milli awtomobil brendi peýda bolar

  • 18.11.2023 22:18
  • 16k+

Türkiýede täze milli awtomobil brendi Very peýda bolar, kompaniýa 2025-nji ýylda köpçülikleýin elektrokar önümçiligine başlar. Bu barada “Dünya” türk gazeti habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Very brendi bilen L7 derejeli elektrokar hatary (agyr kwadrisikller) çykarylar. Elektrokar Ýyldyz tehniki uniwersiteti tarapyndan işlenip taýýarlanan özboluşly gurluşa, şeýle-de öz işläp taýýarlan hereketlendirijisine we batareýasyna eýe bolar. Elektromobiliň bahasy 25 müň dollar bilen bahalandyrylýar.
Elektrokary işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, elektrokaryň batareýasynyň iň ýokary sygymy 33 kilowatt-sagada, bir zarýad bilen ýol ätiýajy, takmynan, 300 km barabar bolar. Awtoulaglary çykaryjy zawody Bursa welaýatynyň Gemlik şäherinde gurmak meýilleşdirilýär. Birinji tapgyrda ýylda 10 müňe çenli Very elektromobilini çykarmak we olary Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň hem Demirgazyk Afrikanyň ýurtlaryna ibermek meýilleşdirilýär.
Ilkinji milli türk awtobrendi TOGG bolupdy. Elektrokar 2022-nji ýylyň ahyrynda önümçilige goýberildi, 2023-nji ýylyň ýazynda satuwa çykaryldy. TOGG awtoulaglarynyň bahasy 48,5 müň dollardan 63,9 müň dollara çenli aralykda üýtgeýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......