Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara internet olimpiadalarynyň birnäçesi geçiriler

  • 17.11.2023 23:26
  • 8.9k+

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň arasynda  Halkara internet olimpiadalarynyň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Hususan-da, Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Ekologiýa dersi boýunça II açyk Halkara internet olimpiadasyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Biologiýa dersi boýunça II Halkara internet olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynyň Inžener we kompýuter grafikasy boýunça II Halkara Internet bäsleşigini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Rus dili dersi boýunça Halkara Internet olimpiadasyny, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda    III açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara olimpiadalaryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň  gatnaşmagyna garaşylýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......