Türkmenistanda ýaşlaryň 140-syna Ýaşlar baýragy gowşuryldy

  • 17.11.2023 21:25
  • 8.8k+

Şu gün, 17-nji noýabrda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününe gabatlanyp, ýurdumyzyň işjeň ýaşlaryny sarpalamak, olara Ýaşlar baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. 

2023-nji ýylda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden medeniýetde, ylymda we tehnikada, bilimde, terbiýeçilik işinde, sportda, saglygy goraýyşda hem-de beýleki ugurlarda has tapawutlanan ýaşlaryň 140-sy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan degişli şahadatnamalar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy diýip, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýty habar berýär.
Olaryň hatarynda ýokary okuw mekdepleriň mugallymlary, aspirantlary, talyplary we mekdep okuwçylary, döredijilik toparlarynyň agzalary, žurnalistler, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri bar.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda esaslandyrylyp, şol ýyldan bäri hem beden we ruhy taýdan ösen, zähmetsöýer, başarjaň, Watana wepaly nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......