Serdar Berdimuhamedow BAE-li hyzmatdaşlary iri energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyrdy

  • 17.11.2023 21:38
  • 4.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow BAE-li hyzmatdaşlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halkara iri energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui bilen geçiren duşuşygynda belledi.

Duşuşygyň dowamynda uzakmöhletli, özara bähbitli häsiýete eýe bolan döwletara  hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady we maliýe, ýangyç-energetika hem-de ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ýangyç-energetika pudagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen bilelikde iş alyp barmakda oňyn tejribe toplanyldy.
Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan  bu netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow BAE-li hyzmatdaşlary ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halkara iri energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Şunda türkmen tarapynyň BAE-niň işewür düzümleriniň wekilleri bilen netijeli pikir alyşmaga hem-de olaryň anyk tekliplerine  garamaga taýýardygy tassyklanyldy.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....