Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi

  • 17.11.2023 13:34
  • 6k+

16-njy noýabrda Pekinde Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ulag we logistika hyzmatdaşlygy baradaky kiçi komitetiň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Hytaý tarapyna ulag ministriniň orunbasary Li Ýan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşyga «China Railway International Multimodal Transport Co., Ltd» we «China Road and Bridge Corporation» ýaly iri kompaniýalar hem gatnaşdy.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulag we logistika gatnaşyklarynyň ösüşiniň oňyn depgini we iki ýurduň ulag geçelgelerini ulanyp, Merkezi Aziýanyň üsti bilen HHR-den Ýewropa eltip bermek üçin täze girdejili ugurlary ösdürmegiň mümkinçiligini öwrenmegiň ähmiýeti hakynda bellenildi.
Taraplar Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny birleşdirmegi güýçlendirmek üçin iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň öňde goýan wezipelerine ygrarlydyklaryny mälim etdiler.

 

Hususan-da, türkmen tarapy, dürli ulag görnüşlerini netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berýän, Türkmenistanda bar bolan terminallary we logistika merkezlerini ulanyp, üstaşyr gatnawlaryň ugurlaryny guramak üçin hytaý kompaniýalaryna amatly şertleri hödürlemäge taýýardyr.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulag we logistika hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça degişli Teswirnamasyna gol çekildi.

 


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....