Ferrari işgärlerini höweslendirmek üçin täze meýilnamasyny hödürledi

  • 17.11.2023 12:31
  • 7.3k+

Ferrari Group öz işgärleri üçin täze höweslendiriş meýilnamasyny hödürledi. Geljek ýylyň birinji ýarymynda Italiýanyň superkar öndürijisiniň bäş müňden gowrak işgäri takmynan 2065 ýewro (2,24 müň dollar) bahasy bolan bir gezeklik paýyny alyp biler. Bu başlangyç ähli işgärlere, şol sanda Italiýanyň daşynda işleýän işgärlerine-de degişli bolar.

Eger Ferrari-niň täze paýdarlary gymmatly kagyzlary üç ýyl saklasa, asylky mukdarynyň 15 göterimine çenli goşmaça tranş alyp bilerler. Bu ýagdaýda awtoulag öndürijisi ähli çykdajylary öz üstüne alar.
Şol bir wagtyň özünde, Ferrari ýene 250 adamy işe aljakdygyny wada berdi we milli kärdeşler arkalaşyklary bilen 2027-nji ýyla çenli güýjünde galjak, bäsdeşlige ukyplylygy üçin sylaglamak hakyndaky täze şertnamasyna gol çekdi. Bonusyň mukdary 17 000 ýewrodan ýokary bolup biler we ýylda 3000 ýewro çenli, salgyt tölemezden, paýnamalara öwrülip biler.
Mundan başga-da, Ferrari-niň işgärleriniň çagalary üçin 5 ýaşdan 15 ýaş aralygyndaky goldaw programmasy indi 4 ýaşdan 18 ýaşa çenli dowam edýär. Netijede, çeýe iş wagty we tölegli dynç alyş rugsadyny almak mümkinçiligini öz içine alýan ene-atalara goldaw programmasy indi 10 ýaşa ýetmedik çagalara degişlidir - bu ýerli kanunlaryň kepillendirýän zatlaryndan has kän ýeňillikdir.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......