Ýakynda saud wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler

  • 16.11.2023 23:41
  • 7.5k+

Türkmenistan 2023-nji ýylyň dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara ykdysady forumyna hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Bu barada ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministri Halid Al Falih bilen sanly ulgam arkaly duşuşygynda bellenilip geçildi.

Duşuşygyň barşynda şol forumyň yzysüre Hökümetara toparynyň nobatdaky 7-nji mejlisini geçirmek teklip edildi. Bu meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin ýakyn wagtda saud wekiliýetiniň Türkmenistana sapar bilen iberilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi.
Duşuşygyň barşynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Maýa goýum ministri özüniň Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-saud toparynyň saud böleginiň ýolbaşçysy bellenilendigini habar berdi.
Mundan başga-da, sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Saud Ösüş gaznasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, maýa goýum serişdelerini gönükdirmek ugrunda alnyp barylýan işler dogrusynda durlup geçildi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......