Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň meýilnamasy belli boldy

  • 16.11.2023 16:35
  • 8.5k+

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi saýtynda çäräniň meýilnamasyny neşir etdi.

18-nji noýabr:
11:00 – 12:00 – Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy hem-de Türkiýäniň milli tagamlarynyň hödür edilmegi.
Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi.
19:00 – 21:00 – Türkiýe Respublikasynyň hem-de Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti.
Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi.

19-njy noýabr:
Türkmenabat şäheri:
17:00 – 18:30 – Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti.
Geçirilýän ýeri: Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry.
Aşgabat şäheri:
09:00 – 18:00 – Türkiýe Respublikasynyň amaly-haşam hem-de ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň işiniň dowam etmegi.
Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýi.
19:00 – 21:00 - Türk kinofilminiň görkezilişi.
Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» kinoteatry.

20-nji noýabr:
10:30 – 11:30 – Myhmanlaryň Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp görmekleri.
12:00 – 13:00 – Myhmanlaryň «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Watan mukaddesligi» muzeýine baryp görmekleri.
14:00 – 16:00 – Myhmanlaryň Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerine we söwda merkezlerine baryp görmekleri.
15:00 – 16:00 – Türk kinofilminiň görkezilişi.
Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» kinoteatry.
17:00 – 18:00 – Türkiýäniň dokma atlasynyň sergisi hem-de milli türk lybaslarynyň görkezilişi.
Geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýy.


19.06.2026 10:10
3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......