Tesla Cybertruck pikaplary satyn alnandan soň, olary bir ýylyň dowamynda satmagy gadagan etdi

  • 14.11.2023 12:42
  • 17k+

Tesla Cybertruck elektrikli pikaplarynyň eýelerine ulagy satyn alandan soň, bir ýyllap satmagy gadagan eder. Bu barada Business Insider habar berýär.

Neşiriň habaryna görä, Tesla-nyň web sahypasynda ulanyjy şertnamasynyň täzelenen görnüşi peýda boldy. Resminama laýyklykda, Tesla Cybertruck-yň alyjylary eýeçiligiň ilkinji ýylynda pikaplary gaýtadan satmazlygy öz üstüne alýarlar. Şertleri bozýanlardan Tesla kazyýetiň üsti bilen 50 müň dollar ýa-da geleşik netijesinde alnan ähli girdejini talap edip biler. Mundan başga-da, Tesla şeýle müşderileri gara sanawa girizip, geljekde olara awtoulaglaryny satmakdan ýüz öwrüp biler.
Cybertruck kysymly awtoulag diňe garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanda satylyp bilner. Bu ýagdaýda ulagyň satyn alnyş bahasyndan her kilometr üçin 25 senti, ulanyş öweztölegini aýryp, ulagy satyn aljak esasy alyjy bolan Teslanyň özi habardar edilmeli. Eger teklip Teslanyň wekillerini gyzyklandyrmasa, onda Cybertruck-yň ikinji bazara satylmagyna rugsat berip bilerler.
Tesla Cybertruck-yň bahasynyň 39,9 müň dollardan başlajakdygyny mälim etdi. Neşiriň habaryna görä, bahanyň üýtgemegi mümkin, pikaplaryň satuwy bolsa şu ýylyň 30-njy noýabrynda başlar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......