Apple iPhone-larda AppStore-dan başga ýerlerden programmalary ýüklemäge rugsat berer

  • 14.11.2023 12:39
  • 4.6k+

2024-nji ýylda Apple iPhone-nyň käbir ulanyjylaryna diňe App Store-dan däl, eýsem, üçünji tarap çeşmelerinden hem programmalary gurmaga rugsat berer. Bu barada MacRumors Bloomberg-iň insaýderi we habarçysy Mark Gurmana salgylanyp habar berýär.

Gurmanyň berýän maglumatlaryna görä, täze aýratynlyk diňe Ýewropa Bileleşiginde (ÝB) iPhone-nyň ulanyjylaryna ýerli kanunlary ýerine ýetirmek üçin elýeterli bolar. Funksiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagyna 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda garaşylýar. Ol işläp düzüjilere programmalaryny diňe App Store -da däl, eýsem, beýlekilerde hem ýerleşdirmäge mümkinçilik berer. Şeýlelik bilen, olar Apple-e öz girdejilerinden 15-30% möçberinde komissiýa tölemän bilerler.
Gurman täze programma gurmak ulgamynyň “berk gözegçilikde saklanjakdygyny” ýazýar. Hyzmat barada beýleki maglumatlar aýan edilmeýär.
Apple programmalary ýükläp almagyň alternatiw usullary iPhone-nyň ulanyjylarynyň bil baglaýan “gizlinligini we howpsuzlygyny bozýar” diýýär. Täze ulgam adamlary zyýanly programma üpjünçiligi, kezzapçylyk, maglumatlary yzarlamak ýaly we beýleki kynçylyklara sezewar eder diýip hasaplaýar.
MacRumors: "Eýeleýän ornuna garamazdan, Apple Ýewropanyň kanunlaryny berjaý etmeli, ýogsam ol dünýädäki girdejisiniň 20%-ine çenli jerime tölemeli bolar" – diýip ýazýar.


şu gün 21:09
94

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

14.06.2026 14:04
3.7k+

ÝB-de Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt güýje girdi

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan 2024-nji ýylyň maýynda kabul edilen Migrasiýa we gaçybatalga baradaky pakt ÝB-niň ähli ýurtlarynda güýje girdi....

07.06.2026 10:04
7.9k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

07.06.2026 10:00
3.9k+

ÝB bir gezeklik plastik gaplardaky ketçupy, gorçisany we şekeri gadagan edýär

Ýewropa Bileleşigi restoranlarda, kafelerde, myhmanhanalarda we naharhanalarda müşderilere hyzmat edilende souslar, şeker we gaýmak üçin niýetlenen bir gezeklik plastik gaplamalaryny ulanmagy gadagan eder.......