Eýranyň ilçisi Türkmenistanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 13.11.2023 23:08
  • 4.3k+

13-nji noýabrda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň  mähirli salamyny we ähli türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, bagtyýarlyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Eýranyň ýurdumyzyň sebitdäki iň ähmiýetli hyzmatdaşlarynyň biri bolmagynda galýandygyna üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady ulgamda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň ykdysady döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösüşine laýyk gelýändigi bellenildi.
Söhbetdeşler özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarda oňyn ösdürilýändigini nygtap, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa toplumlarynda netijeli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, gurluşyk we oba hojalyk pudaklarynda dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.
EYR-niň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaby Ruzbehani däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze ýokary derejä çykarmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......