Oňurga ýiligine dakylan implant Parkinson keselli adama ýene-de ýöremäge kömek etdi

  • 13.11.2023 15:54
  • 12k+

Şweýsariýaly hünärmenleriň topary agyr Parkinson keseli bolan adamyň oňurga ýiligine çylşyrymly elektrod ulgamyny ornaşdyrdylar. Bu näsagyň ýene-de ýöremegine mümkinçilik berdi.

Mark atly 62 ýaşly fransuz 30 ýyl töweregi wagt bäri neýrodegeneratiw keselden ejir çekýärdi. Agyr Parkinson keseli bolan köp adam ýaly, ol hem hereket etmekde kynçylyk çekýärdi. Ulgamy oňurga ýiligine ornaşdyrmak işi Şweýsariýanyň Lozanna uniwersitetiniň goldamagynda Neýroreanimasiýa laboratoriýasyna ýolbaşçylyk edýän neýrohirurg Joslin Bloh we newrolog Gregor Kurtin tarapyndan geçirildi. Operasiýa üstünlikli geçdi we Mark bir nokatdan beýleki nokada özbaşdak hereket etmäge, gezelenç etmäge we dükanlara aýlanmaga başlady.
Munuň üçin oňurga ýiliginiň möhüm ýerlerine elektrodlar ulgamyndan ybarat neýroprostez ýerleşdirilýär. Enjam ýöremegi çaltlaşdyrmak üçin elektrik gyjyndyrmasy bilen üpjün edýär. Mundan başga-da, aýaklardaky kiçijik datçikler gyjyndyrmanyň güýjüni we dowamlylygyny sazlap, hereket niýetini göz öňünde tutmaga  mümkinçilik berýär.
Mark iki ýyl bäri günde ortaça sekiz sagat neýroprostezi ulanýar. Alymlar indi tehnologiýanyň dürli adamlara nähili kömek edip biljekdigini görmek üçin Parkinson keseli bolan alty adamy operasiýa etmegi meýilleşdirýärler.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......