Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler giriziler

  • 10.11.2023 23:13
  • 27k+

Türkmenistanyň Mejlisi «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» karary kabul edildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminamada bellenilişi ýaly, karar Arkadag şäherinde şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Arkadag şäheriniň häkimliginiň towakganamasy göz öňünde tutulyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynda:

  1. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň 102 gektar ýerlerini hem-de Aşgabat şäheriniň 17 gektar ýerini kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmelidigi;
  2. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň, Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, Arkadag şäheriniň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmelidigi beýan edilýär.

10-njy noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary barada hem döwlet Baştutanyna maglumat berdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy bu karary Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek boýunça kabul edilen resminama laýyklykda degişli işleri geçirmegiň zerurdygyny belledi.


düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......