DIM-niň HGI-de Aşgabat şäherine bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 10.11.2023 14:04
  • 2.1k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

8-nji noýabrda geçirilen bu çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň we Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, mugallymlar we talyplar, metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başda durmagynda Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri bilen netijeli hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, döwletimiziň ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlygy we şu nukdaýnazardan, şu ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä şäherler gününde Guramanyň Baş direktory tarapyndan Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriň toruna “Dizaýn” ugry boýunça goşulmagy netijeli özara gatnaşyklaryň çäginde gazanylan ýene bir üstünlik bolup durýar, şeýle hem Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň ajaýyp, tehnologiki taýdan ösen hem-de binagärlik we şähergurluşyk sungatynyň ajaýyp nusgasy hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändigini aňladýar.
Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan iri şähergurluşyk taslamalarynyň häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......