Rimac Nevera giperkary yzlygyna tizligi sagatda 275 km-de hereket edip rekord goýdy

  • 10.11.2023 08:53
  • 10k+

Horwatiýanyň Rimac Automobili kompaniýasy ýeke-täk önümçilik modeli - Nevera giperkary bilen kesgitlenen ýene bir dünýä rekordyny yglan etdi. Dört sany özbaşdak dolandyrylýan elektrik hereketlendirijili, 1914 at güýji bolan elektrik ulagy yzlygyna hereket edende sagatda 275,74 km tizlige ýetmegi başardy. Bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýaryş Germaniýanyň Automotive Testing Papenburg synag meýdançasynda - Rimac Nevera-nyň şu ýazda bir günde 23 tizlik rekordyny goýan ýerinde geçirildi. Awtoulag treke Time Attack Edition bezeginde çykardylar - bu tomsuň aýagynda çykan, 12 nusgasy bilen çäklendirilen täze ýörite wersiýasynyň ady.
Rimac, hatda modeliň heniz işlän düzülýän döwründe-de tersine hereket edende Neveranyň rekord tizligi barada pikir edendiklerini, ýöne munuň üçin ýörite bir zat etmändigini aýdýar: aerodinamiki korpus we stabilizasiýa ulgamynyň beýle işi ýerine ýetirmek üçin haýsydyr bir aýratynlyklary ýok.
Ginnesiň rekordlar kitabyna görä, yzlygyna sürlüp barýarka öňki tizlik rekordy 2001-nji ýylda Caterham 7 Fireblade sport awtoulagy tarapyndan goýuldy. Şol bir wagtyň özünde, “Keýterem” şonda sagatda 165 km tizlige ýetipdi.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...