Serdar Berdimuhamedow YHG ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi

  • 09.11.2023 18:20
  • 17k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-niň ýurtlaryna Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek teklibini öňe sürdi.

«Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-niň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag we kommunikasiýa torlary bar bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar we bu işde Guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir.
Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýändigine aýratyn üns berdi.

«Amaly nukdaý nazardan, degişli döwlet edaralarynyň we hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda, Bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň we Gara deňziň potlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meseleleriniň geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagyny ileri tutulýan ugurlaryň biridir.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti halkara giňişliginde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmak, ýöriteleşdirilen guramalar bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmaklygyň YHG üçin möhümdigini belledi.


şu gün 07:42
809

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......