Özbegistan, Türkmenistan, Eýran we Türkiýe halkara multimodal geçelgesini döretmegi ylalaşdylar

  • 09.11.2023 10:23
  • 9.6k+

Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň ulag pudagyndaky degişli ministrlikler Aziýa bilen Ýewropany “Özbegistan – Türkmenistan – Eýran – Türkiýe” ugry arkaly birleşdirjek halkara multimodal geçelgesiniň döredilmegini göz öňünde tutýan köptaraplaýyn duşuşygyň teswirnamasyna gol çekdiler. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär.

Resminama Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň Daşkentde geçirilen 12-nji mejlisiniň çäklerinde kabul edildi.
Habara görä, gol çekilen teswirnama şulary göz öňünde tutýar: Aziýa – Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlaryndan Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna ýük gatnawyny guramak; bäsdeşlik haklaryny ulanmak we Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň demirýollary arkaly ýük daşamak üçin amatly şertleri döretmek; ugur boýunça ýük gatnawlaryny guramakda hukuk we tehniki ülňüleri unifisirlemek boýunça çäreleri bilelikde işläp taýýarlamak.
Taraplar bu ugra gatnaşyjy döwletleriň ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmak barada ylalaşdylar.


düýn 22:20
2.3k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

düýn 13:44
2.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

düýn 07:42
1.4k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 12:11
13k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......