Türkmen mugallymlary Nižniý Nowgorodda geçirilen XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň maslahatyna gatnaşdylar

  • 09.11.2023 10:53
  • 11k+

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary NAUKA 0+ Bütinrussiýa festiwalynyň çäklerinde 23-nji oktýabrdan 23-nji noýabr aralygynda Nižniý Nowgorod döwlet binagärlik-gurluşyk uniwersitetinde (NNDBGU) geçirilýän XIII Bütinrussiýa ylym festiwalynyň ylmy-amaly maslahatyna onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

Bu çäre ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň, mugallymlarynyň, alymlyk derejesini goraýjylaryň, ylym dalaşgärleriniň we doktorlarynyň, talyplaryň, magistrantlaryň, aspirantlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Maslahatyň maksatnamasy gurluşyk materiallary we gurluşlar; fizika-matematika ylymlary we mehanika; energiýany netijeli ulanyş we tygşytlaýyş tehnologiýalary; gidrotehniki gurluşyk; binagärlik, dizaýn, täzeden gurmak we binagärlik mirasyny dikeltmek ýaly mowzuklar boýunça 13 bölümi öz içine aldy.
Maslahat gatnaşyjylara bilelikdäki tematiki pikir alyşmalara, dürli bilim edaralaryndan kärdeşlere gymmatly hünär tejribesi bilen paýlaşmaga, auditoriýany öz ylmy işleri bilen tanyşdyrmaga, ähmiýetli pikirler we täze pikirler bilen alyşmaga mümkinçilik berdi.
Maslahatyň çäklerinde bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki ylym-bilim hyzmatdaşlygy üçin täze meýilnamalar işlenip düzüldi.
Russiýanyň ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berlişi ýaly, NNDBGU-daky ylym festiwaly mekdep okuwçylarynyň, talyplaryň, ýaş alymlaryň ylmy taslamalaryny ösdürmek üçin platforma bolup, NNDBGU-nyň Ýaş alymlar geňeşi tarapyndan uniwersitetiň we M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylygynyň goldaw bermeginde gurnalýar.


düýn 20:41
1.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......