Iň arzan Tesla awtoulagy Germaniýada öndüriler

  • 08.11.2023 10:40
  • 12k+

Tesla Germaniýada iň elýeter elektrik awtoulagyny öndürer. InsideEVs -iň habaryna görä, kompaniýanyň başlygy Ilon Mask degişli beýannama berdi. Awtoulagyň takmynan bahasy 25 müň dollar.

Şeýle hem Mask, Cybertruck pikapy bilen deňeşdirilende, täze derejeli modeliň has adaty dizaýna eýe boljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol “diýseň ýeser, owadan we amatly” bolmagynda galar.
Geljekde Tesla millionlarça nusgada iň amatly elektrik awtoulagyny öndürmek isleýär. Munuň üçin Hytaýda bar bolan önümçilik desgalarynyň ýa-da Meksikadaky täze zawodyň ulanylmagy mümkindir.
Ilon Mask baryp 2018-nji ýyldan bäri “iň arzan Tesla”-ny mahabatlandyrýar. Her çärýekdäki hasabatynda has amatly modeliň üstünde işlenilýändigini ýatladýar.


13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

11.05.2026 16:03
1.5k+

Tesla kompaniýasy Model S-iň we Model X-iň önümçiligini bes etdi

Tesla kompaniýasy resmi taýdan öz meşhur modelleriniň — Model S sedanynyň we Model X krossoweriniň önümçiligini bes etdi. Soňky awtoulaglar Fremont konweýer liniýasyndan çykaryldy we bu brendiň taryhyndaky......

10.05.2026 21:39
3.8k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 15:47
5.1k+

Tesla-nyň Fremontdaky zawodynda Model X-iň soňky nusgasy ýygnaldy

Tesla kompaniýasynyň Fremontdaky zawodynda Model X elektrik krossoweriniň taryhda iň soňkusy ýygnaldy....