«Aşgabat» kinoteatrynda «Ýaşlar» atly çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar

  • 07.11.2023 13:42
  • 22k+

11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar.
Filmiň görkezilişi 16:00-da bolar. Giriş tölegsiz.

 

Filmi goýujy kinorežissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň aýtmagyna görä, filmde ilkinji söýginiň döredýän duýgulary, gahrymanlaryň durmuşynda garaşylmadyk we gyzykly wakalar, milli toý däp-dessurlary barada gürrüň berilýär.
Film ýaşlaryň toýdan öňki duşuşyklary, durmuş toýuna görülýän taýýarlyk pursatlary we ilkinji çaganyň dünýä inmegi ýaly möhüm bölümleri degişme bilen özünde jemleýär. Gyzykly durmuş wakalary we gülkünç sahnalar filmiň tutuş ýordumyny düzýär.
Oýun, henek we degişme filmiň gahrymanlaryna mahsusdyr, bu hem batyrlyk we döredijilik ýaly häsiýetleri açýar. Filmde degişme ulanyp, adamlaryň ownuk we düzedip boljak kemçilikleri ýuwaşlyk bilen ýaňsa alynýar.

Filmiň kinorežissýory Isgendermuhammet Annamuhammedowyň we filmiň edebi ýazgysyny ýazan Öre Daşgynowyň sözlerine görä, filmiň esasy maksady ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak we olara dogry terbiýe bermekdir.
Filmiň baş gahrymanlarynyň keşplerini ýaş aktýorlar Serdar Artykow, Ogulşat Jumaýewa, Perhat Babaýew we Döwran Saryýew dagy ýerine ýetirýär.
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş kinorežissýory tarapyndan döredilen «Ýaşlar» atly gysga göwrümli çeper film tomaşaçylary köp gezek ýylgyrtjak maşgala filmidir.


düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....