Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň mejlisine gatnaşdy

  • 07.11.2023 09:00
  • 2.7k+

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 6-17-nji noýabry aralygynda Ženewada Köpugurly döwürleýin syn boýunça iş toparynyň 44-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň 4-nji  synyna gatnaşdy.

Agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti adam hukuklary ugrunda kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilişi boýunça ýurdumyzyň syýasatynyň esasy ugurlary barada hasabat bilen çykyş etdi hem-de ozalky – 2018-nji ýylda geçirilen 3-nji synyň çäklerinde öňe sürlen birnäçe meseleleri çözmekdäki möhüm öňegidişikler we özgerişler barada habar berdi. 
Mejlise gatnaşan 80-den gowrak ýurduň wekilleri tarapyndan hasabat döwründe Türkmenistanda adam hukuklaryny üpjün etmek we berkitmek ugrunda amala aşyrylan oňyn çäreler, şol sanda, bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalary we adam hukuklary babatyndaky mehanizmler bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, milli institutlaryň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň kanunçylygynyň halkara ülňülerine laýyklykda yzygiderli özgerdilmegi, zähmet, iş üpjünçiligi, bilim, ykdysadyýet we ekologiýa pudaklaryna degişli bolan halkara resminamalaryň kabul edilmegi barada aýratyn bellenilip geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurlarda has belent sepgitlere ýetmek üçin Türkmenistan üçin birnäçe teklipler berildi.

Synyň netijeleri 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde geçiriljek Adam hukuklary boýunça geňeşiň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde beýan ediler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......