Aşgabatda Arkalaşygyň ýurtlarynyň aragatnaşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçiriler

  • 06.11.2023 20:31
  • 4.7k+

Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Aragatnaşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 59-njy mejlisi we bu döwletleriň utgaşdyryjy geňeşiniň 29-njy mejlisi geçiriler. Bu barada «Belta» agentligi habar berdi.

Habar berlişi ýaly, GDA agza döwletleriň Aragatnaşyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşiniň 59-njy mejlisiniň çäklerinde maglumat we aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar. Bu ugurda Arkalaşygyň çäklerinde sebit we halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlaryna serediler.
Mejlislerde Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda özara ylalaşylan çözgütler kabul ediler. Belarus Respublikasynyň aragatnaşyk we maglumatlaşdyrma ministri Konstantin Şulgan bu mejlislere gatnaşjakdygyny aýtdy. Onuň nygtamagyna görä, bu mejlis Arkalaşygyň ýurtlarynyň arasynda strategik ugurlary kesgitlemäge we çözgütleri kabul etmäge, şeýle hem aragatnaşyk pudagynda Belarus Respublikasynyň ýeten üstünlikleri bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berer.


düýn 20:55
2.4k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......