Toyota 2023-nji ýylda göz öňüne tutanyndan has az elektrikli awtoulag satar

  • 04.11.2023 17:50
  • 15k+

Toyota kompaniýasy üstümizdäki maliýe ýylynda elektrikli ulaglarynyň satuwy baradaky garaşyşlaryna täzeden garady. Öň öndüriji 200 müň awtoulagdan geçirip sataryn diýip çaklaýan bolsa, indi şol san 123 müňe çenli azaldy. Şol bir wagtyň özünde gibridleriň satuwynyň garaşylýandan has ýokary boljakdygy çak edilýär.

Toyota maliýe ýylynyň ahyryna çenli dünýäde 3,6 million adaty gibrid ulagyny satmagy göz öňünde tutýar, bu öň meýilleşdirilişinden 100 müň awtoulag köp. Elektrikleşdirilen ulaglaryň ähli kategoriýalarynyň umumy satuw mukdary 3,9 milliona ýetmeli. Şeýlelik bilen, ol geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 42% köp bolar we Toyotanyň satuwynyň umumy gurluşynda şeýle modeller 37% -e, ýagny üçden bir bölegine eýe bolar.
Umuman aýdanyňda, Toyota Lexus bilen bilelikde, zawodlaryň wagtal-wagtal ýapylmagyna garamazdan, ýylyň ahyryna çenli 10,1 million awtoulag öndürip, rekord mukdara ýetmegi maksat edinýär. Amal girdejisini hem gaty ýokary - 4,5 trillion ýen ýa-da 30 milliard dollardan gowrak almak meýilleşdirilýär.
Kompaniýa ozal hem goýlan rekordlar barada habar beripdi: maliýe ýylynyň birinji ýarymynda (aprel aýyndan sentýabr aýyna çenli) 5,6 million awtoulag satyldy.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......