Gyrgyzystan 2024-nji ýylda TDG-niň sanly işewürlik forumyny geçirmegi teklip edýär

  • 04.11.2023 16:19
  • 4.3k+

Gyrgyzystan 2024-nji ýylda Türki döwletleriň guramasynyň sanly işewürlik forumyny geçirmegi teklip edýär. Bu barada Astanada Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 10-njy sammitinde Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowyň eden çykyşyna salgylanyp, Trend habar berýär.

“Hyzmatdaşlygyň häzirki ugry sanly üýtgeşmeleriň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmekdir. Biziň ýurdumyzda Ýokary tehnologiýalaryň seýilgähi bar. Şeýle-de, işiň 99 görnüşini öz içine alýan Döredijilik senagaty seýilgähi hem döredildi” – diýmek bilen, Sadyr Žaparow 2024-nji ýylda Gyrgyzystanda TDG-niň agza döwletleriniň Sanly forumyny guramagy teklip etdi.

Şeýle-de, Žaparow Türki Maýa goýum gaznasynyň işe girizilmeginiň gurluş üýtgemeleri şertlerinde, ýagny işewürlik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we iş meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maliýe bazarynyň dürli gurallarynyň elýeterliligini saklamak we giňeltmek möhüm bolan ýagdaýynda aýratynam ýörgünlidigini belledi.


23.04.2026 10:49
4.2k+

AHHG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde möhüm resminamalara gol çekildi

Astanada geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde sebit we ekologiýa howpsuzlygy, Aral deňzini halas etmek we bu ugurda netijeli......

23.04.2026 10:45
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Aral meselesi boýunça geçirilen mejlise gatnaşdy

22-nji aprelde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinden soň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň......

23.04.2026 10:39
3.1k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......