Aşgabatda Daewoo Engineering & Construction kompaniýasynyň şahamçasy açyldy

  • 03.11.2023 22:00
  • 14k+

Aşgabatda Daewoo Engineering & Construction kompaniýasynyň şahamçasynyň açylyşy boldy. Açylyş dabarasynda Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri Pak Çžin Türkmenistanyň gurluşyk we senagat boýunça wise-premýeri Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşdy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň DIM-ine salgylanyp, Türkmenistan Halkara Habarlar portaly habar berýär.

Wise-premýer koreý kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Ol Koreýanyň Galkynyş gaz ýatagynda kükürt arassalaýyş boýunça toplumyň we Gyýanlyda gaz-himiýa zawodynyň gurluşygy ýaly iri taslamalara gatnaşygyny belledi. Baýmyrat Annamämmedow energetika we infrastruktura pudagynda Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna ynam bildirdi.
Öz gezeginde, Günorta Koreýanyň Daşary işler ministri türkmen tarapyny hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge çagyryp, koreý kompaniýalarynyň dökün önümçiligi boýunça zawodlary gurmak, tebigy gazy suwuklandyrmak boýunça desgalary döretmek we kükürtsizleşdirmek boýunça desgalary gurmak ýaly taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Ýatlap geçsek, Pak Çžin “Merkezi Aziýa – Günorta Koreýa” 16-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada geldi.


şu gün 12:20
287

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.4k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.3k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......