Türkmenbaşy porty TransLogistica Uzbekistan 2023 sergisinde dünýäniň ulag kompaniýalarynyň ünsüni özüne çekdi

  • 03.11.2023 21:46
  • 9.5k+

1-3-nji noýabr aralygynda Daşkentde “TransLogistica Uzbekistan 2023” halkara sergisi geçiridi. Bu çärä dünýäniň 15 ýurdundan 60-dan gowrak kompaniýa, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty gatnaşýar. Bu barada Orient habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 1-nji Halkara ulag forumy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ulag ministrleriniň 12-nji mejlisi we “Awiasiýa we logistika 2023” halkara awiasiýa forumy geçirilýär. Bellenilen çärelere türkmen wekiliýetiniň agzalary hem gatnaşýar.
Öz diwarlygy bilen sergä gatnaşyjylaryň ünsüni özüne çeken Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri portuň mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Halkara serginiň dowamynda Türkmenbaşy portunyň wekilleri tarapyndan MSC Tashkent LLC, FESCO, MEDLOG GEORGIA LLC, Albayrak, Central Asia Trans, Azlogista, TRANSASIA Logistics, PRIME Shipping & Transportation ýaly dünýäniň belli ulag-logistika kompaniýalary bilen gepleşikler geçirildi.
Şeýle-de, PSA Africa PTE LTD kompaniýasynyň wekilleri we Bütindünýä bankynyň Özbegistandaky wekilhanasy bilen gämi gurluşygyna maýa goýumlary çekmek boýunça gepleşikler guraldy. Mundan başga-da, portlarda ýükleme-düşürme işleri üçin innowasion ýükleýiş enjamlaryny öndüriji RAM Spreaders kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.    


düýn 12:11
11k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......