«Diplomatic World» halkara žurnaly Türkmenistanyň DIM-inde resmi taýdan ygtyýarlandyryldy

  • 03.11.2023 21:49
  • 4.6k+

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow “Diplomatic World” žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrihe we taslama ýolbaşçysy Alberto Turkstra ygtyýarlandyryjy resminamany berdi. Bu resminama olary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ygtyýarlandyrylan daşary ýurt KHBS-iniň habarçylary hökmünde resmi taýdan ykrar edýär. Bu barada Orient habar berýär.

Bu waka Türkmenistan bilen abraýly neşiriň arasyndaky hzymatdaşlykda möhüm ähmiýete eýe bolup, ýurduň has işjeň maglumat we pikir alşygyna ýardam etmekde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyk saklamaga ygrarlydygyny görkezýär.
Türkmenistan bilen Brýusselde ýerleşýän abraýly “Diplomatic World” žurnalynyň arasyndaky gatnaşyklar 2022-nji ýylda žurnalyň ýolbaşçylygynyň Bitaraplyk güni mynasybetli Aşgabada gelmegi bilen hasam güýçlendi. Bu sapar we Belgiýada Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň žurnal bilen dowam edýän gatnaşygy media hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ýardam berip, Türkmenistanda bolup geçýän soňky wakalary neşiriň soňky sanlarynda has giňişleýin beýan etmäge ýol açdy.
“Diplomatic World” žurnaly syýasat, diplomatiýa, işewürlik, maliýe, sungat we medeniýet ugurlaryny birleşdirýän platformadyr. Sanly we çap görnüşlerde her çärýek çykarylýan žurnal dürli ugurlarda çözgüt kabul edýän şahslaryň arasynda aýratyn baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýär.


düýn 18:54
2.1k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.1k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......