Özbegistanyň Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýi hem-de haly dokalýan önümhana açyldy

  • 03.11.2023 20:45
  • 16k+

29 – 31-nji oktýabrda Özbegistanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Buhara şäherinde Türkmen halysynyň muzeýiniň hem-de haly dokalýan önümhananyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Buharanyň resmi wekilleri, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary, haly dokamak boýunça ussatlar, türkmen-özbek medeni merkezleriniň, halk köpçüliginiň, dostluk jemgyýetleriniň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdy.

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylyk sungatynyň barha ösýändiginiň, nepis türkmen halylarynyň bütin dünýäde şöhratynyň belende galýandygynyň subutnamasy bolan bu dabara köp sanly myhmanlary bir ýere jemledi. Bu ýerde myhmanlar muzeýiň we önümhananyň işi bilen tanyşdylar. Muzeýde türkmen haly önümçiliginiň taryhyna bagyşlanan eksponatlar, dürli reňkli we görnüşli halylar, şeýle-de haly dokamak boýunça gollanmalar hödürlenýär. 
Açylyş dabarasynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berilmegi, dabara gatnaşyjylaryň hoşallyk çykyşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy şatlyk-şowhuna, ýokary ruhubelentlige beslenip, dabarany ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi.


şu gün 10:21
1.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......