Serdar Berdimuhamedow Balkanda kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan elektrik stansiýasynyň düýbüni tutdy

  • 03.11.2023 13:23
  • 11k+

Şu gün, 3-nji noýabrda Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow täze energetika desgasynyň – Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawatta deň bolan utgaşykly dolanyşykda işlejek elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi diýip, TDH habar berýär.

Irden döwlet Baştutany täze energetika desgasynyň düýbüniň tutulýan ýerine geldi we ýagşy işlere we başlangyçlara ak pata bermek ýaly halkymyzyň nesilden nesle geçirip, dowamat tapan asylly däp-dessurlaryna laýyklykda, täze desganyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady we hormatly ýaşulular bilen bilelikde geljekki elektrik stansiýanyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga berdi.
Bu ýerde dünýä belli öndürijileriň biri hökmünde tanalýan ABŞ-nyň «General Electric» kompaniýasynyň tebigy «mawy ýangyçda» işlejek 4 sany gaz turbinasy we 2 sany bug turbinasy oturdylar.


şu gün 16:45
403

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

düýn 22:17
1.8k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
5.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....