14-16-njy noýabrda Aşgabatda halkara teatr festiwaly geçiriler

  • 02.11.2023 21:13
  • 3.7k+

Şu ýylyň 14-16-njy noýabry aralygynda Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwal geçiriler. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bu döredijilik forumyna Azerbaýjanyň döwlet sazly drama teatrynyň, Gazagystanyň drama teatrynyň, Gyrgyz Respublikasynyň sazly drama teatrynyň, Tatarystanyň döwlet akademiki teatrynyň, Täjigistanyň döwlet ýaşlar teatrynyň we Özbegistanyň sazly drama teatrynyň  wekilleri gatnaşar.
Festiwalyň açylyş we ýapylyş dabaralary Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler. Aşgabat we Arkadag şäherinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlaryny görkezmek meýilleşdirilýär.
Wise-premýer forumyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylary ýörite diplomlar, nyşanlar we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglamak dabarasynyň boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanyna halkara festiwalyny geçirmegiň Meýilnamasyny, şeýle hem onuň nyşanynyň we teatr toparlaryna gowşuryljak nyşanyň teklip edilýän taslama görnüşlerini hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere möhüm ähmiýetli bu halkara festiwalynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 15:15
971

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

12.06.2026 01:36
5k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.3k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....