Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi

  • 02.11.2023 14:58
  • 2.4k+

1-nji noýabrda Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy forumynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň ýaş telekeçileriniň işewürlik forumy geçirildi.

Forumy Söwda-senagat edarasy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde gurady. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda alty ýurduň döwlet düzümleriniň, Ýaşlar guramalarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň hem-de işewürlik assosiasiýalarynyň, telekeçiligi goldamak boýunça halkara guramalaryň, hususy kompaniýalaryň wekilleri bar.
Bu çäräniň maksady ýaş telekeçileriň şahsy we hünär taýdan öz başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin ýardam berýän hem-de ösdürýän meýdançany döretmekden ybaratdyr. Köp sanly çärä gatnaşyjylara Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Koreýa Respublikasynda telekeçilik işini alyp barmaga ýardam edýän döwlet goldaw beriş gurallarydyr şertleri bilen tanyşmak, sanly başlangyç, telekeçiligiň esasy usullaryny ornaşdyrmak boýunça tejribeleri alyşmak, innowasion işewürligiň işe girizilmegi üçin serişdeleri hödürlemek, sebitde ýaşlar telekeçiligini ösdürmekde bilimleri we tejribeleri paýlaşmak, bu işe halkara guramalary çekmek, ösüşiň strategik ugurlarynda innowasiýalary ulanmak, işewür hyzmatdaşlary gözlemek üçin mümkinçilik döredildi.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda häzirki zaman jemgyýetiniň hereketlendiriji güýji hökmünde ykrar edilen ýaşlara bu gün ählumumy durnukly ösüşe ýetmekde hem-de Ýer ýüzünde bagtyýar geljegi gurmakda möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.
Ýörite ugurlar boýunça geçirilen 4 mejlisiň barşynda işewür gatnaşyklary ösdürmek we giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygyny, maliýe serişdelerini, wençur gaznalarynyň işini üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns çekildi. Foruma gatnaşyjylaryň tanyşdyrylyş çärelerinde ýaş telekeçilere döwlet tarapyndan berilýän goldaw çäreleri, başlangyç telekeçiligi we telekeçilik işini goldaýan düzümleri ösdürmek boýunça çäreler öz beýanyny tapdy. Milli ykdysadyýetleriň strategik ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmak garalan esasy meseleleriň biri boldy. Şeýle hem ýaş telekeçileriň gatnaşmagynda «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerine esaslanýan gaýtadan dikeldilýän energiýa, sanly ykdysadyýet, biotehnologiýa, robototehnika, «akylly» şäher ýaly ösüşiň strategik ugurlaryna innowasiýalary ornaşdyrmaga bagyşlanan çykyşlar diňlenildi.


düýn 22:09
464

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
478

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
620

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......