Türkmenistan bilen Türkiýe ýokary bilim ulgamynda bilelikdäki diplom maksatnamalaryny açar

  • 02.11.2023 09:09
  • 10k+

Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde bilelikdäki diplom maksatnamalarynyň açyljakdygyny we iki ýurduň hem bakalawr we magistratura maksatnamalaryna talyplary kabul etjekdigini habar berdi. Muny Orient ýetirýär.

Ähtnama 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýä saparynyň çäklerinde beýleki birnäçe resminamalar bilen bir hatarda gol çekildi. Ýokary bilim geňeşiniň başlygy Erol Ozwar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow öz gollary bilen ýokary bilim we ylmy gözlegler pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek isleýändiklerini bellediler.
Özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda akademiki we ylmy ugurlarda alyş-çalyşlar geçiriler, iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda bolsa sanly bilim we gözlegler hem işläp taýýarlamalar pudagynda hyzmatdaşlyk mümkin bolar.
Taraplar biri-biriniň ýokary okuw mekdeplerine bakalawryň we magistraturanyň talyplaryny iberip we kabul edip bilerler. Derejeleri we diplomlary tassyklamak boýunça degişli işler geçiriler.
Özara düşünişmek baradaky Ähtnamada görkezilen ugurlarda hyzmatdaşlyk meýilnamalaryny bilelikde işläp taýýarlamak, bu maksatlara ýetmäge gönükdirilen gözlegleri durmuşa geçirmek we baha bermek üçin Ýokary bilim boýunça bilelikdäki hemişelik komitet dörediler.
Türkiýede kiçi hünärmen maksatnamasy boýunça okaýan türkmen talyplary ilkinji we gaýragoýulmasyz kömek, bank işi we ätiýaçlandyryş, bugalteriýa hasabaty we sergi tejribeleri fakultetlerini has makul bilýärler. Bakalawr maksatnamalarynda liderleriň üçlügine taryh, şepagat uýasynyň işi we mekdepde bilim bermeklik girýär diýlip, Geňeşde bellenilýär.
Onuň maglumatlaryna görä, taryh magistraturanyň iň halanýan fakulteti, halkara gatnaşyklary we taryh doktoranturada tapawutlanýar. Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekilenden soň halanýan bölümleriň sanynyň artmagyna garaşýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......