Dagystanyň kärhanalary Türkmenistana un, balyk we çüýşe gaplary eksport eder

  • 02.11.2023 09:05
  • 17k+

Dagystanyň kärhanalary Türkmenistana balyk (külke), un we çüýşe önümlerini iberip başlar. Bu barada ylalaşyk Türkmenistanyň işewür wekiliýetiniň RF-niň Hazarýaka respublikasyna eden saparynyň dowamynda gazanyldy. Bu barada TASS-a salgylanyp, Orient habar berýär.  

“Birnäçe günläp telekeçiler we distribýutor kompaniýalarynyň wekilleri Dagystanyň biznes mümkinçiliklerini öwrendiler. Azyk önümlerine, şeýle-de gurluşyk harytlaryna aýratyn üns berildi. Netijede, Türkmenistana balyk (külka), un, çüýşe önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazanyldy” – diýlip, Dagystanyň Eksport goldawy merkeziniň habarynda aýdylýar.

Türkmen işewürleri saparyň dowamynda Mahaçkaladaky, Kizlýardaky we başga-da birnäçe sebitdäki kärhanalara baryp gördüler. Pudagyň wekilleri Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň täze tapgyry barada eýýäm gürleşýärler.

“Dagystan bilen Türkmenistanyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyry başlaýar diýsegem bolar. Halkara söwda gatnaşyklary we üpjünçilik göwrümi birnäçe wagt ozal ep-esli peseldi. Häzir biz taraplaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ep-esli ýokarlanmagyna garaşýarys” – diýip, Eksport goldawy merkeziniň ýolbaşçysy Ruslan Abaskuliýew belledi.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......